- kowmak
- işlik1) Yzyna düşmek, yzyndan ylgamak, gitmek, kowalamak.∙ Gorkagy kowsaň, batyr bolar. (Nakyl)2) Bir ýerden ýa-da bir jaýdan mejbury ýagdaýda çykaryp goýbermek.∙ Emma öz keşbinden doýup bilenok, Aýnaň ýandan kowup, aýryp bolanok. («Tokmak» žurnaly)∙ Meni kowdy boş peliňden, Şu käriňi goýgun indi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)3) Wezipeden, işden, okuwdan we ş. m. boşatmak, çykarmak.4) Sürüp äkitmek sürüp gitmek, sürmek.∙ Ol sagylýan düýeleri örä kowdy.Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem kowmak - kowdum, kowduň, kowupdyr.◊ ugruna kowmak — seret ugur
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.